Nebitgaz pudagy ykdysadyýetiň möhüm bölegi

1 Noýabr 2021
1052

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň uly bölegini tutýan nebitgaz pudagyny ösdürmek döwrüň esasy meseleleriniň hatarynda durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem nebit we gaz gorlaryna baý ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, pudagyň yzygiderli ösýändigini dünýä ýüzi ykrar edýär. Türkmenistan döwletimiz bu gün milli Liderimiziň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamyny ösdürmek boýunça halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bu gün türkmen gazyny doganlyk ýurda eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýän döwletleriň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna-da mynasyp goşant goşýar. Bu gün «Asyryň taslamasy» adyna eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy nebitgaz pudagynyň uly geljeginiň bardygyny äleme buşlaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda durmuşa geçirýän döwlet maksatnamalary barha senagatlaşýan nebitgaz pudagynyň beýik geljeginden habar berýär.

Nazar GARAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň işgäri, maýor.