Birleşen tagallalar bilen

19 Oktýabr 2021
1428

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminde okuw maslahaty geçirildi. Maslahat ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmäge bagyşlandy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýangyn howpsuzlygy baradaky işler ýörite kanunçylyk namasy bilen tertipleşdirildi. Şeýle hem 2017 ― 2023-nji ýyllar aralygyny öz içine alýan milli meýilnama hereket edýär. Bu resminamalarda her ýylyň ýangyn howply möwsümlerinde jemgyýetçilik ýerlerinde, raýat we döwlet desgalarynda, sähra, öri we ekerançylyk meýdanlarynda ýangynyň öňüni almak, eger ol dörän ýagdaýynda çalt söndürmek bilen bagly işler takyk seljerilýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.