Berkararlyk binýady

22 Sentýabr 2021
1075

Ata Watanymyzda geçen 30 ýylyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir.

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga, köpasyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistan 30 ýyl bäri ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, ylymda, sportda taryhy ösüşleri bilen öňe barýar. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny gazanylýan ykdysady ösüşler bilen, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan, durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.