Ösüşleriň röwşen menzilleri

22 Sentýabr 2021
1006

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň subutnamasyna öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu gözden geçiriliş aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigi nygtalýar.

Ýörite habarçymyz.