Bagtyýarlyk mukamy

22 Sentýabr 2021
957

Watanymyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerini we paýtagtymyzy baýramçylyk şatlygy, dabaraly çäreler gurşap aldy. Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda guralan sergi hem bu mukaddes baýrama bagyşlandy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda guralan bu milli sergi özüniň köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy. Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini aýdyň şöhlelendirýän bu gezekki gözden geçirilişde ýurdumyzyň önüm öndürijileri, hususy pudagyň wekilleri, şeýle hem beýleki ulgamlar özleriniň önümleriniň we hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlediler. Bu sergi «Watanymyzyň uly üstünlikleri halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň subutnamasydyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gurşap alan beýik ösüşleriň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ahmet ANNAGURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.