Kuwwatly senagatyň ýurdy

22 Sentýabr 2021
1037

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri, bedew batly gadamlary Garaşsyzlyk toýuny uludan toýlaýan halkymyzyň ýüreklerindäki buýsanç duýgularyny goşalandyrýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy her bir türkmenistanly üçin mukaddes baýramdyr. Munuň aýdyň mysalyny bolsa häzirki wagtda toý lybasyna beslenen paýtagtymyzyň ajaýyp baýramçylyk öwüşginli keşbinde aýdyň görmek bolýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň baş baýramynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli giň gerim berilýän dabaralaryň aglabasynyň ak mermere beslenen Aşgabatda guralýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi hem ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Akmaral PAŞYKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.