Dünýä nusgalyk hyzmatdaşlyk

22 Sentýabr 2021
1558

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça dünýä döwletleri bilen bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny ykrar edip gelýär. Döwletimiziň dürli ugurlarda amala aşyrýan işleriniň mazmunynda hem halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge gönükdirilen aladalar äşgär duýulýar. Ýurdumyz geçen ýyllarda «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini daşary ykdysady strategiýasynyň ýol-ýörelgesine öwürmegi başardy. Biziň bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýan döwletleriň ählisi Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýär.

Garaşsyz döwletimiziň öňe sürýän milli bähbitli iri taslamalary dünýä dahylly bähbitler bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem şeýledir. Türkmenabat — Farap demirýol we awtomobil köprüleriniň ulanylmaga berlen ilkinji gününde bu desgalar arkaly goňşy Özbegistan döwleti bilen ykdysady gatnaşyklary berkidýän ýükleriň geçmegi hem ýurdumyzyň çäginde amala aşyrylýan taslamalaryň dünýä bähbitleri bilen milli bähbitleriň başarnykly utgaşdyrylmagyna hyzmat etmegine uly ähmiýet berilýändigine özboluşly bir subutnama boldy.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.