Nebitiň çykarylyşyny artdyrmak möhüm wezipedir

20 Sentýabr 2021
1120

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy sentýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işini durnuklaşdyrmak boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz nebitiň çykarylýan möçberini ýokarlandyrmagyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatlyklaryny doly ulanmagyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki önümleriň öndürilişini artdyrmagyň, şeýle hem nebitgaz toplumyna maýalary çekmegiň möhümdigini belledi.

Şu ýylyň sekiz aýynda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylan möçberi Türkmenistanda 5,8 million tonnadan gowrak boldy. Ýylyň ahyryna çenli «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýataklarynda täze guýularyň 8-sini burawlamak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak işleýän guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän netijeli usullary we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna hem üpjün ediler.

Selbi TIMUROWA,
«Nebit-gaz».