Ygtybarly hyzmatdaşlygyň miwesi

20 Sentýabr 2021
1029

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda iş sapary bilen bolanda, dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri hasaplanylýan «Galkynyş» gaz käninde täze gaz guýularynyň üçüsiniň gurluşygyna badalga berdi. Şu gaz käninde aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň gurluşygyna girişilmegi «Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylarynda täze zähmet galkynyşyny döretdi.

Müdirligiň gazçylarynyň çekýän zähmeti bilen häzir «Galkynyş» gaz käninde ulanyş guýularynyň kyrk bäşisinden tebigy gaz alynýar.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz». Surata düşüren Azym ŞEKEROW.