Tutanýerli zähmet üstünlige ruhlandyrýar

20 Sentýabr 2021
1007

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Ulaglar kärhanasynda dürli kesp-kärli işgärler awtoulaglary ýokary hilli abatlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri zerur ýükleriň bellenilen ýerlerine öz wagtynda eltilmegini, netijede bolsa, tutuş müdirliginiň öňünde durýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Ulaglar kärhanasynyň sürüjileri kärhanada bar bolan dürli kysymly tehnikalaryň abat ýagdaýda bolmagyny gazanmak maksady bilen, olara talabalaýyk derejede tehniki taýdan hyzmat edýärler. Çöl içinde ýerleşýän gaz ýataklaryna gerekli ýükleri daşaýan ulaglaryň abatlyk ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Sürüjilerimiz ymgyr Garagumuň depeleriniň arasynda ýerleşýän köp sanly gaz ýataklarynda zähmet çekýän baýlyk çykaryjylara enjamlardyr ätiýaçlyk şaýlaryny, şeýle-de beýleki zerur ýükleri bellenen möhletinde eltmekde ýadawsyz hyzmat edýärler. Bu möhüm işe kärhanamyzyň mehaniki-abatlaýyş ussahanasynyň başarjaň işgärleri hem öz goşandyny goşýarlar. Biziň üçin esasy zat abatlanan her bir ulagyň köp wagtlap umumy işe hyzmat etmegidir. Şonuň üçin bu meselä örän ünsli hem-de ýokary jogapkärçilikli çemeleşýäris.

Gurbangeldi BEKIÝEW,
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Ulaglar kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.