Diplomatik gatnaşyklarda ilçileriň orny

6 Sentýabr 2021
1826

Diplomatik gatnaşyklaryň emele geliş taryhy öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Dünýäde ilkinji döwletleriň emele gelmegi, olaryň resmi görnüşde özara ylalaşyklary we şertnamalary bilen diplomatik gatnaşyklaryň başlangyç görnüşleri hem döräpdir. Dürli şertnamalardan başga-da diplomatiýa müňýyllyklaryň dowamynda, köplenç ýagdaýda, umumy kabul edilen kadalar, halkara gatnaşyklarynda emele gelen däp-dessurlar arkaly amala aşyrylypdyr.

Gadymy Gündogaryň diplomatiýasynyň taryhynda häzirki Hindistanyň çäklerinde mundan IV müň ýyl ozal dörän Manu kanunlary ilkinji mysallaryň biri bolup durýar. Olar Manu atly hindi hökümdaryň ady bilen baglanyşykly bolup, olarda diplomatiýa arkaly uruşlaryň öňüni almak we parahatçylygy berkitmek sungat derejesine ýetipdir. Manu kanunlarynda diplomatik gatnaşyklaryň netijeleri, ýagny, parahatçylygyň üpjün edilmeginiň ýa-da özara gatnaşyklaryň bozulmagynyň ilçileriň hyzmatyna baglydygy bellenilipdir. Ilçiler öz hökümdarlaryny keseki hökümdarlaryň meýilleri we maksatlary barada habardar edipdirler. Şeýdibem, ilçiler köp howplaryň öňüni almaga ukyply bolupdyrlar. Ilçileri saýlap almaklyga hem aýratyn üns berlipdir. Hemmetaraplaýyn bilimli, alçak, dilewar hem-de wezipe borçlaryna ygrarly adamlary hökümdarlar ilçi edip belläpdirler.

Toýmyrat PAŞŞIKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.