Ylmy gözleglerde ilkinji ädimler

5 Sentýabr 2021
2174

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmek ýurtda alnyp barylýan beýik işleriň esasy ugruna öwrüldi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hünärmen taýýarlamak bilen bir hatarda, ylmyň nazary hem amaly meselelerini çözmäge öz goşantlaryny goşýar. Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebinde we ylmy institutynda aspirantura bölümleri işleýär. Olarda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli aspirantlar önümçilikden aýrylmak we aýrylmazlyk şerti bilen okadylýar.

Ylmy derejäni almaga çalyşýan dalaşgärleriň ylmy-gözleg işleriniň üstünde ýokary okuw mekdebiniň tejribe-synag, innowasion tehnologiýalar we dünýä tejribeleri bilen üpjünçilikli otaglarynda erkin işlemeklerine zerur şertler döredilendir. Olar ylmy işleriniň temalaryny pudaklaryň sargytlary, Milli maksatnamalaryň talaplary boýunça saýlaýarlar. Temalaryň üstünde işlenilende daşary ýurt edebiýatlaryndan, milli tejribeden, önümçiligiň häsiýetli aýratynlyklarynyň talaplaryndan peýdalanýarlar.

Täçdurdy ŞEKERALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty.