Biz — döwletli döwranyň eýeleri

1 Sentýabr 2021
1495

Ýene-de az wagtdan Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Taryh üçin ujypsyzja döwürde görlüp-eşidilmedik derejede kuwwatlanan ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüşler gazanyldy. Ähli ugurlardaky uly özgertmeler taryhy eýýamyň ähmiýetli aýratynlyklaryna öwrüldi. Olar ýürekleri joşdurýar we kalplarda ýakymly duýgulary oýarýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler hem guwandyryjydyr. Her ýylyň bahar we güýz aýlary ýurdumyzyň ähli ýerinde bag ekişligi köpçülikleýin alnyp barylýar. Obalaryň, şäherleriň ýaşaýjylary ýaşaýan we zähmet çekýän ýerlerinde agaç nahallarynyň millionlarça düýbüni ekýärler. Ýowar geçirilýän günlerde oturdylýan saýaly, pürli, miweli agaçlar, hoşboý ysly güller Berkarar ýurdumyzyň tebigatynyň baýlyklarynyň üstüni ýetirip, gözelliklere gözellik goşýar. Bu hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalarynyň biridir.

Maksat HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy.