Bişofiti toplumlaýyn peýdalanmagyň usullary

30 Awgust 2021
1739

Hormatly Prezidentimiziň kärhanalarda harçlanylýan harajatlary peseldip, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, çykarylýan harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly çözgütleri gönüden-göni ýurdumyzyň senagatynyň dürli pudaklaryny ösdürmeklige gönükdirilendir. Bu babatdaky ýerine ýetirilmeli ylmy-barlag işleri bolsa, ilkinji nobatda, himiýa ylmyna degişlidir. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabryndaky Karary bilen, «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» kabul edildi.

Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň köp ugurlary senagat pudagyna degişli bolup, olar hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek, täze önümçilik ýerlerini döretmek, öndürilýän önümleriň möçberini, görnüşini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, döwrebap tehnologiýalary işläp düzmek ýaly wajyp meseleler bilen baglydyr.

Döwlet GURBANNAZAROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň tehnologiki taslama we önümçilige ornaşdyrmalar bölüminiň 1-nji derejeli inženeri.