—Bilgirje, kosmonawtlaryn geýimleri barada gürrün beräýsen!

24 Awgust 2021
2094

—Kosmonawtlaryň geýimleri «skafandr» diýlip atlandyrylýar. Skafandrlar adamy amatsyz we gazaply daşky gurşawdan, ýagny daşky gurşawyň zyýanly şöhlelerinden we zäherli gazlaryndan goraýar. Skafandryň içi elmydama adam üçin kadaly basyşy hem-de temperaturany saklaýar. Şeýle-de ol adama zerur bolan kislorody tygşytly ulanmaga ýardam edýär.

Käbir adamlar skafandrlary diňe kosmonawtlaryň eşigi hökmünde tanaýarlar. Emma olaryň: guwwaslaryň (suwuň düýbüne çümýänleriň) skafandrlary, awiasion skafandrlar we kosmos skafandrlary ýaly üç görnüşi bardyr.

«Güneş».