Gezsem, dünýäni görsem

16 Awgust 2021
2573

«Oguz han we ogullary» suw çüwdürimler toplumy

«Oguz han we ogullary» atly suw çüwdürimler toplumy 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyz Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan köp gatnawly ýoluň çatrygynda açylyp, ol Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Gözel paýtagtymyza syýahata gelýän jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän toplum 27 sany suw çüwdürimden ybarat bolup, ol şanly Garaşsyzlygymyzyň gazanylan senesini aňladýar. Toplumyň depesinden seredeniňde, onuň ýapraklary 12 sany ýaýraýan güle meňzeýär. Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň gazanylan senesini alamatlandyrýar. Yşyklandyryş ulgamy Gün energiýasy bilen işleýän toplumyň umumy meýdany 14,82 gektara deňdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amantuwak REJEPBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.