Täze suw howdany ulanmaga berildi

13 Awgust 2021
948

11-nji awgustda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze suw howdany ulanylmaga berildi. Bu howdan ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir.

Dabaraly çärä Hökümet agzalary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem oba zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.