Daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmeginiň we seljerilmeginiň netijesinde, häzirki wagtda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk konsepsiýasynyň dünýäde giň gerim bilen ulanylýandygy we bu meselä ünsüň artdyrylmagy innowasiýa çärelerine maýa goýmak prosesinde döwlet bilen işewürligiň arasyndaky meseleleriň we geljegiň jikme-jik seljerilmegini talap edýär.
Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň ösüşi bellibir şertleri talap edýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä geçirilen seljermäniň esasynda Halkara Walýuta Gaznasy döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň görkezijileriniň dört toparyny ýüze çykardy.