Pul-karz syýasatynyň oňaýly täsirleri

26 Iýul 2021
1152

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary bolmagynda we dünýä ykdysady ulgamyna amatly şertler bilen aralaşmagynda bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä maliýe gatnaşyklaryna aralaşýan şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň öňünde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmeklik we dünýä ykdysadyýetindäki global üýtgeşmeler bilen baglanyşykly daşky gurşawyň ýaramaz täsirini azaltmaklyk möhüm wezipeler bolup durýar. Şu wezipeleriň çäklerinde pul-karz we daşary ýurt pul syýasatlaryny amala aşyrmak bilen utgaşykly çäreleriň toplumy durmuşa geçirilýär.

Pul-karz syýasatynyň esasy maksady ýurtda maliýe taýdan ýokary ösüşi üpjün etmäge we milli manadyň hümmetiniň pugtalanmagyna, nyrhlaryň durnukly derejelerde saklanmagyna gönükdirilendir. Milli puluň satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, pul dolanyşygynyň netijeliligini üpjün etmek, täze maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak we bank ulgamynyň durnuklylygyny saklamak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek pul-karz syýasatynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Nowruzbaý BEBIDOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň başlygy.