Nebitgaz pudagynyň kuwwatly binýady

26 Iýul 2021
968

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak has-da işjeňleşdi, eksportyň möçberleri artdy, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda önümçilik kuwwatlyklarynyň gerimini giňeltmek işi döwrebap ýola goýuldy. «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlaýan zawodlar toplumy ulanylmaga berildi. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň işe girizilmegi netijesinde türkmen tebigy gazy Hytaý Halk Respublikasyna bardy.

Häzirki wagtda üç ugur boýunça türkmen tebigy gazy bu ýurda bökdençsiz ugradylýar. Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän gazyň möçberini artdyrmak maksady bilen, onuň dördünji (D) ugry boýunça gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi türkmen tebigy gazynyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, ýakyn-u-alysdaky döwletleriň abadan hem eşretli ýaşaýşynyň bähbitleri üçin netijeli peýdalanylýandygyny ýene bir ýola tassyklaýar.

Muhammet MUHAMMEDOW,
«Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň Serdar etrapgaz gaz hojalyk edarasynyň baş inženeri.