«Gara altyn» almagyň ussatlary

26 Iýul 2021
975

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň dürli maksatly kärhanalarynyň zähmet toparlary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gaýratly zähmet çekýärler. Şunda konserniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler bolsa has-da maksada okgunlydyr.

Soňky ýyllarda düýpli täzelenişi başdan geçirýän bu baýry kärhanada hereket edýän guýulardan alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberi barha köpelmek bilen. Ýeri gelende aýtsak, «gara altynly» ýataklary gözläp tapmak we olary senagat taýdan özleşdirmek işi bu hazynalar mesgeninde 1948-nji ýyldan badalga alýar. Şol ýyl gazuw işleri tamamlanyp, ulanyşa tabşyrylan 1-nji guýudan her gije-gündizde alynýan nebitiň möçberi 25 tonnadan hem geçýär. Bu uly üstünlik «Gumdagnebit» NGÇM-niň Gumdag, Guýjuk, Gyzylgum, Gögerendag, Ördekli, Ekizak, Garadepe, Ýolaýyrdy we Garadurun ýaly ýataklarda alnyp barylýan işleriň geriminiň ymykly giňeltmegine esas bolýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».