Iň ýalta jandar

23 Iýul 2021
3066

Eziz çagalar, dünýädäki iň çalasyn jandarlaryň geçigaplaňlardygyny siz bilýänsiňiz, emma iň haýal jandarlar barada bilýärsiňizmi? Ýok, diýýärsiňizmi? Onda tanyş boluň, Günorta Amerikanyň gök öwsüp oturan gür jeňňelliklerinde ýaşaýan täsin jandarlar bolan leniwesler dünýädäki iň haýal hereket edýän jandarlaryň biri hasaplanylýar.

«Leniwes» latynçadan terjime edilende «ýaprak iýiji» diýmekligi aňladýar. Tebigatda bu jandarlaryň iki görnüşi duş gelýär: üç barmaklylar we iki barmaklylar. Üç barmakly leniwesleriň agramy alty kilograma çenli ýetýär. Olar kellelerini 270 ºС-a çenli aýlap bilýärler, munuň sebäbi bolsa olarda dokuz sany boýun oňurgasynyň bolmagydyr.

Taýýarlan Enebaý ANNALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.