Döwrebap tehnologiýalara daýanyp

21 Iýul 2021
893

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bähbidine, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ornaşdyrylýan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalar muňa doly güwä geçýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy bäsdeşlige ukyply sazlaşykly işleýän sanly ykdysadyýeti ösdürmäge şert döredýär, ýurtda ykdysady ösüşiň we önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, dolandyryş düzüminiň kämilleşdirilmegine getirýär. Sanlylaşdyrmak ykdysadyýeti, maliýe we bank ulgamyny hil taýdan netijeli ösdürmegiň we ony dolandyrmagyň oňyn guraly bolup, ilkinji nobatda, ilatyň durmuşyny ýeňilleşdirmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga şert döredýär.

Atageldi MERDANOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.