Wezipeler kesgitlenildi

19 Iýul 2021
951

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, dünýäniň ähli ýurtlary we esasy halkara düzümleri, şol sanda abraýly maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Soňky ýyllarda Halkara Pul gaznasy, Halkara täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky bilen özara gatnaşyklaryň çäkleri ep-esli giňeldildi.

«Aşgabat».