Döwrebap ösüşleriň ýoly

19 Iýul 2021
976

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň ylmy taýdan düýpli esaslandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ylmy önümçilik bilen berk baglanyşdyrmak, önümçilige ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň kemala getirilmeginiň binýady bolan ýokary hilli bilim ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmegiň möhüm düzüm bölegidir. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilen ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna täze, iň kämil tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmakdan, ylym we tehnika babatda öňde duran maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak şu günüň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerur bolup durýar. Dünýä bazarynyň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan kosmosy we innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde uly öňegidişlikleri gazanmagy başardy. «Türkmen Älem 52°E» milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, elektron hökümeti döretmekde geçirilýän anyk çäreler, ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we beýleki durmuşa geçirilýän netijeli işler ösüşiň bu ugrunyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmegi talap edýär.

Magtymguly SOLTANOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.