Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

18 Iýul 2021
1030

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz daşary söwda syýasatynda uly üstünliklere eýe bolýar, umumy halkara söwda ulgamyna sazlaşykly goşulyşýar. Ýurdumyzda maýa goýumlary çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, maýa goýumlaryň möçberleri artdyrylýar. Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynyň işjeň ýagdaýda ösdürilmegi netijesinde söwda tutuş ykdysady ulgamyň özgerdilmegine öz täsirini ýetirip, ony işiň täze şertlerine uýgunlaşdyrýar, bäsdeşlige ukyply we oňat hilli önümi öndürmekde, bazara degişli döwrebap çemeleşmeleri ulanmakda önümçilik pudaklaryny höweslendirýär. Bu gün söwda milli ykdysadyýetiň has sazlaşykly ösýän möhüm ähmiýetli pudagy bolup, ilatyň iş bilen üpjün edilmegine degişli meseleleri hem çözýär. Söwda toplumynda sazlaşykly ösüş depginlerini saklamak üçin halkara işewürlik gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek möhümdir.

Türkmenistanda dünýä bazarlaryna iberilýän bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmek üçin ýokary tehnologiýaly we köpugurly senagatyň kemala gelmegine uly üns gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksporta ugradylýan möçberleriniň artdyrylmagyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly daşary ykdysady aragatnaşyklary ýola goýmagyň, daşary ýurtlaryň biržalarynyň tejribesini özleşdirmek we türkmen biržasynda işiň täze, has netijeli usullaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, daşarky bazarlarda bildirilýän islegiň we bu bazaryň mümkinçilikleriniň öwrenilmegini, ýurdumyzyň bazarlarynda elýeterli nyrhdan harytlaryň bolelinliginiň üpjün edilmegini, ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda görkezýär.

Araphan ERNIÝAZOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.