Bank ulgamy we ygtybarly hyzmatlar

18 Iýul 2021
832

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň karz edaralary «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu babatda, olar iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolup, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek işlerine uly üns berýärler.

Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda halk köpçüligi üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şol tehnologiýalary işjeňleşdirmekde bank kartlarynyň uly ähmiýeti bardyr. Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, olar jemgyýetimize barha giňden ornaşýar. Olar islendik wagt bankomatlaryň üsti bilen nagt pul serişdelerini almak, pul geçirimlerini aňsatlaşdyrmak hem-de çaltlaşdyrmak, şeýle hem hasaplaşyklar geçirilende, wagty tygşytlamak üçin amatlyklary döredýär.

Seýdylla PIRGULYÝEW,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Ahal» şahamçasynyň esasy hünärmeni.