Ilat ýazuwy — ähmiýetli çäre

16 Iýul 2021
871

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda alnyp barylýan işler halkymyzyň abadan, asuda we ajaýyp durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň astynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi tapgyrlaýyn esasda, ilatyň berk durmuş goraglylygyny üpjün etmek ýörelgelerinde amala aşyrylýar. Ýurdumyzda täzeçil we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmek we halkymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurtlara eksport etmäge niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Biz, ozaly bilen, gazanylýan üstünlikleri tutuş dünýäde häzirki wagtda hereket edýän görkezijiler we sanlar bilen deňeşdirip, dünýä tejribesiniň gazananlaryndan ugur almalydyrys» diýip nygtaýar. Şol nukdaýnazardan, ýurdumyzyň statistika ulgamynda statistikany kämilleşdirmek babatynda möhüm tejribeler ornaşdyrylýar.

Bibigül NAZAROWA,
welaýat Statistika müdirliginiň hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy.