Nygmat bolçulygy — ýaşaýşyň abadançylygy

16 Iýul 2021
1012

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde oba hojalygy möhüm orny eýeleýär. Munuň özi halkymyzy öz topragymyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur bolan çig mallary öndürmek ýaly örän wajyp wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen döwletimiz we oba adamlary bilelikde hereket edýärler. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly il-ýurt bähbitli işlerde lebaply daýhanlar ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu babatda şanly ýylymyzyň geçen alty aýynda gazanylan görkezijiler hem guwandyryjy boldy.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny ileri tutup ösdürmek bilen, pudagyň tehniki-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Işe täzeçe usullaryň giňden ornaşdyrylmagy, daýhanlaryň ýokary netijeli zähmet çekmäge höweslendirilmegi düýpli ilerlemeleriň kepili bolup durýar. Yhlasly zähmet çekilmegi netijesinde bereket bolçulygy döredilýär. Geçen hasabat döwründe welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 38,7 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 14,9 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 13,4 müň tonnasy, ýeralmanyň 72,6 müň tonnasy öndürildi. Bu netijeleriň geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artandygy bolsa edilýän tagallalaryň özüniň mynasyp netijelerini berýändiginden habar berýär.

Mämmet GYLYJOW.