Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň özeni

16 Iýul 2021
903

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bu günki gün milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatynda ähli ugurlarda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetinde ýokary depginli ösüşler gazanylýar, il-ýurt bähbitli kärhanalar we desgalar gurlup ulanylmaga berilýär.

Ykdysadyýetimizde senagatlaşma-innowasion özgertmeler has çalt depginlerde alnyp barylýar. Ulgamlary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, maliýe we durmuş durnuklylygyny üpjün etmek, ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli berkitmek babatynda dünýä nusgalyk ösüşler gazanylýar. Häzirki bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge, pudaklaryň we sebitleriň maliýe-ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga, pudaklarda we kärhanalarda hasaba alyş we hasabatlylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge, salgyt-býujet we pul-karz işjeňligini döwrebap derejelerde ýola goýmaga uly üns berilýär. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär.

Mekan ATAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.