Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edişligi dowam edýär. Giriş synaglary we okuwa kabul etmek 12-nji iýuldan 27-nji awgust aralygynda geçirilýär. Bu çäräni we ony düzgüne laýyk geçirmeklige ýörite döredilen Döwlet topary ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň ylmy-tehniki, ykdysady ösüşiniň çaltlanmagy bilen baglylykda geljekki okuw ýylynda hünärmenleri taýýarlamak ulgamyna käbir özgertmeler girizildi. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň käbiri hojalyk hasaplaşygyna geçirildi. Resminama laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti täze okuw ýylyndan başlap, hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.