Bedew batly beýik işler

15 Iýul 2021
1132

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim ýokarlandy. Ýanwar-iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa, 3,5 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim köpeldi. Alty aýyň netijeleri boýunça gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan 259 desganyň 34-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 166 desgada bolsa gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň alty aýynda hojalyk düzümlerine berlen karz serişdeleriniň möçberi artdy. Kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek üçin berilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň möçberi 2,6 göterim, hususy haryt öndürijilerine berlen karz serişdeleriniň möçberi bolsa 1,4 esse artdy. Şu yylyň ýanwar-iýun aýlarynda «Internet-bank» töleg ulgamy arkaly şahsy taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan geçirilen hasaplaşyklaryň möçberi köpeldi. 1-nji iýul ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdejileriniň meýilnamasy 119,1 göterim, çykdajylaryň meýilnamasy bolsa, 97,3 göterim ýerine ýetirildi. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerli býujetler boýunça girdejileriň meýilnamasy 102,4 göterim, çykdajylaryň meýilnamasy bolsa, 97,8 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe balans toparlarynyň 107, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 93 mejlisi geçirildi. Alty aýyň dowamynda döwlet emläginiň 70-si hususylaşdyryldy. 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny ýagdaýyna görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9 göterimine barabar boldy. 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 28 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlary önümçilik hem-de durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.