Milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna uly üns berilýär. Ekologiýa baradaky düşünjeler çaga körpeliginden berlende, terbiýäniň has kämil bolmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Onda mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna söýgi döreýär.
Türkmen halkynyň taryhy ýurdumyzyň gözel tebigaty, Garagum sährasy, dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi bilen baglanyşyklydyr. Biz ýaş nesillerimize tebigat we ekologiýa barada düşünje berýäris.