Täze okuw ýylyna täze hünärler bilen

15 Iýul 2021
1185

Mälim bolşy ýaly, 9-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň degişli meýilnamalaryny tassyklap, giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky görkezmesine laýyklykda, 2021-2022-nji okuw ýylynda täze hünärleriň 32-si açylýar.

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 12-si eýýäm täze hünärler boýunça okamaga isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başladylar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, şu okuw ýylynda Türkmen oba hojalyk institutynda täze hünärleriň birbada 6-sy — agroinženerçilik, gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy, ýer gurluşygy we kadastrlar, oba hojalygynda maglumat howpsuzlygynyň menejmenti, ykdysadyýet we dolandyryş, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünärleri açylyp, degişli ugurlarda talyplar bakalawr maksatnamasy esasynda bilim alarlar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dag işleri, standartlaşdyrmak we metrologiýa, tehnologik maşynlar we enjamlar, elektroenergetika we elektrotehnika, işgärleri dolandyryş ugurlary boýunça açylan hünärleriň 5-sinde bolsa talyplar elektronika we tehnologiýa degişli täze hünär bilimlerini alarlar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».