Sebitiň sazlaşykly ösüşi

14 Iýul 2021
1117

13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasyna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Ilki bilen göni aragatnaşyga ykdysadyýet we maliýe ulgamyna hem-de Balkan welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň senagat düzümini işjeňleşdirmek, günbatar sebitde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň günbatar sebite boljak iş saparynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabat şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly işler hakynda hasabat berdi.

"Nesil".