Bilimli nesil — geljegiň şamçyragy

14 Iýul 2021
1050

12-nji iýulda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruklara gol çekip, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça, şonuň ýaly-da, orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Resminamalara laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 12-nji iýul — 27-nji awgust günlerinde guramak tabşyryldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklap, bu topara okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmegi hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň geçirilişine jemgyýetçilik gözegçiligi amala aşyrylar. Şonuň ýaly-da ähli mekdeplerde Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde sanly ulgam boýunça okuwlar guralar.

"Nesil".