Bilimlere tarap ak ýol

14 Iýul 2021
1171

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Şolara laýyklykda, 12-nji iýulda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek möwsümine guramaçylykly badalga berildi. Ýokary bilim almaga höwesli ýaşlaryň resminamalaryny tabşyrýan ýokary okuw jaýlarynyň arasynda Türkmen oba hojalyk instituty aýratyn orny eýeleýär. Institutda oba, tokaý we balyk hojalygy; weterinariýa we zootehniýa; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maşyngurluşyk; amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa; maglumat howpsuzlygy; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlary boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar.

Ýörite habarçymyz.