Milli terbiýe — asylly ýörelge

13 Iýul 2021
1215

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle bilim we terbiýe bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlary çuňňur watansöýüjilik hem-de ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplar okuw-terbiýeçilik işlerinde gymmatly gollanma bolmak bilen, mähriban halkymyzyň köp asyrlyk däplerini aýawly saklamak, baýlaşdyrmak, nesil terbiýesini döwrebap guramak işlerine uly goşant goşýar.

Durmuşymyzyň manysy, ömrümiziň gül-gunçasy bolan çagalara bagyşlanyp döredilen çeper eserler, gyzykly ertekiler, dürli hekaýalar, goşgular çagalaryň durmuş baradaky düşünjesiniň kemala gelmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine, Watana, ene topraga, zähmete, okuwa bolan söýgüsiniň ösmegine, batyrlyk, maksadaokgunlylyk, dogruçyllyk ýaly asylly sypatlaryň kämilleşmegine çuňňur täsirini ýetirýär.

Şemşat ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň kiçi ylmy işgäri.