Harytlar we hyzmatlar ulgamynda hil meselesi

12 Iýul 2021
1139

Harytlar we hyzmatlar babatynda ýurdumyzda netijeli ykdysady syýasatyň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ulgamlarda hil görkezijilerini ösdürmekde ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda harytlar we hyzmatlar ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelerden dünýä ülňülerine laýyk öňdebaryjy, döwrebap enjamlar, tehnikalar bilen bu pudagyň üpjün edilmegini, hil boýunça ylmy garaýyşlary beýan edýän «Standart, hil we howpsuzlyk» atly ýörite žurnalyň çap edilmegini, harytlary we hyzmatlary dolandyrmak ulgamynda geljekde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Hili dolandyrmak» hünäriniň açylmagyny we beýlekileri görkezmek bolar. Bu işler ulgamyň işiniň ilerlemegine uly itergi berýär.