Döwletliligiň mizemez binýady

11 Iýul 2021
551

Garaşsyzlyk — döwlet berkararlygynyň belent ykrarnamasy, döwletliligiň, millet bolmagyň berkden-berk binýady. Ata-babalarymyzyň erkinlik, özygtyýarlylyk hakynda arzuwlan döwletli döwri türkmeniň agzybirliginiň, döredijilik we gurujylyk ukybynyň datly miwesi. Mizemez döwletli bolmak ykbaly göterilen bagtyýar halkyň buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, nurly geljegine guwanyp, mertebeli ýaşamagynyň kepili. Umumadamzat gymmatlyklaryna ummasyz goşant goşan gadymy jemgyýetiň asyl köklerine dolanmak asyrlaryň dowamynda kemala getirilen däp-dessurlaryň, ýol-ýörelgeleriň, ahlak-adatlaryň we medeniýetiň täzeçe rowaçlanmasy. Ylymly-bilimli, gujur-gaýratly nesilleriň paýhasly pederlerimiziň şan-şöhratyna mynasyp işleri bitirmeginiň, eziz Diýarymyzy mundan beýläk hem gülläp ösüşlere rowaçlandyrmagynyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhyna buýsançly sahypalary ýazyp, şöhratly menzilleri dowamat-dowam eýlemeginiň baş şerti.

Türkmenistan ynsanperwerlige, hoşniýetlilige ýugrulan binýatlyk hukuk resminamalaryny goldanyp, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän oňyn syýasaty dowamly ýöredýär. Baky Bitarap Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynda wajyp syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlary öňe sürüp, parahatçylyk dörediji, dost-doganlyk kadalaryna pugta eýeriji ýurt hökmünde halkara abraýyna mynasyp bolýar. Durnukly ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan, umumadamzat abadançylygyna saldamly goşant goşýan agzybir halkymyzyň dünýädäki mertebesi barha artýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.