Guraklyga garşy çözgüt: tokaýlaryň çägini giňeltmek

8 Iýul 2021
941

Bü­tin dün­ýä­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, agaç na­hal­la­ry­ny oturt­mak, ýa­şyl zo­lak­la­ry we to­kaý­la­ryň çä­gi­ni gi­ňelt­mek üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ýag­da­ýyň ma­ýyl­gan­ly­gyň we gu­rak­ly­gyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi ýe­ne bir ge­zek yl­my taý­dan su­but edil­di. Hü­när­men­ler to­kaý­lyk meý­dan­la­ryň art­ma­gy­nyň has köp ýa­gyn ýag­ma­gy­na we ne­ti­je­de gu­rak­ly­gyň azal­ma­gy­na oňyn tä­sir et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­nar­la­ryn­da­ky we Ýew­ro­pa­da­ky to­kaý­la­ryň çä­gi­ni 20 gö­te­rim art­dyr­mak ýag­nyň 8 gö­te­rim köp ýag­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler. Bu ba­ra­da «Na­tu­re Ge­oscience» žur­na­lyn­da çap edi­len ma­ka­la­da bel­le­nil­ýär. Yl­my işiň aw­tor­la­ry glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň öňü­ni al­mak üçin stra­te­gi­ýa iş­läp taý­ýar­la­nan­da, ösüm­lik dün­ýä­si­niň se­bäp bol­ýan ýa­gyn muk­da­ry­nyň hem göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy­na göz ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler. Hü­när­men­ler agaç­la­ryň kö­mür­tur­şy ga­zy­ny sak­la­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, se­bi­tiň to­ka­ýy­nyň muk­da­ry­nyň 29 gö­te­rim art­dy­ryl­ma­gy bi­len adam­la­ryň eme­le ge­tir­ýän 43 mil­liard ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň uly bö­le­gi­ni ýok edip bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. To­kaý­la­ryň eme­le ge­tir­ýän çyg­ly­ly­gy to­mus aý­la­ryn­da ýag­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Top­rak şert­le­ri­ni öw­re­nen hü­när­men­ler Bri­tan ada­la­ry­nyň, Fran­si­ýa­nyň gün­ba­tar we gü­nor­ta se­bit­le­ri­niň, Por­tu­ga­li­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň we Gün­do­gar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň to­kaý­la­ry dö­ret­mek üçin amat­ly­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar.

Beg­li Baý­ra­mow
TDMG-nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň har­by gul­luk­çy­sy, uly leý­te­nant.