Baglary bar hatar-hatar...

4 Iýul 2021
1019

Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginde «Hajy» ýabyň ýakasyny etekläp oturan baglar göreniň gözüni dokundyrýar. Bu baglaryň kimiňkidigini bilmeýänlerem «Tüweleme, yhlas edibilipdir, eýesi hakyky bagban ekeni» diýip geçýärler.

Gürrüňi edilýän bagyň eýesi Baýram Hojaýew diňe bir etrapda däl, eýsem, welaýatda hem ussat bagban hökmünde tanalýan adamlaryň biri. Kärendeçi bagbanyň bagynda almanyň 150, erigiň 400, üljäniň 20, armydyň 100, garalynyň 50, şetdalynyň 25 düýbi ýylyň-ýylyna möwsümde bereketli hasyl getirýär.

Döwletmyrat DURDYÝEW,
TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň başlygy.