Her towşany tokly ýaly

4 Iýul 2021
959

— Men bularyň ikisinem öz derdime peýda edeni üçin örňedip başladym — diýip, Şaguly Taganlyýew melleginiň töründäki ýörite keteklerde saklanýan öý towşanlarydyr alabaý itlerine buýsançly bakyp durşuna sözüni dowam etdi:

— Birmahal goşarym gurşup agyrdy. Şonda biri gowy görýän itiňi mähir bilen sypalasaň, aýrylar — diýdi. Biriniň güjüjegini sypaladym welin, haýry degäýdi. Itleriň adamlaryň degna kesellerinde haýyrlydygyny soň kitaplardan hem okapdym. Şondan soňam arassa ganly alabaý itlerini köpeldip başladym.

Şöhrat ABDYÝEW.
Surata düşüren Dädebaý NARTYÝEW.