Gülläp ösüşiň we abadançylygyň bähbidine

2 Iýul 2021
1580

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak we artdyrmak, ata Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça köptaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tebigata söýgi türkmen halkynyň durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Daşky gurşawy gorap saklamak ulgamynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu gün has-da kämilleşdirilýär. Muňa güneşli Diýarymyzda döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, aýratyn-da, dag eteklerinde, öri meýdanlarynda howa ýagdaýynyň ep-esli gowulanandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Armila ALYMBAÝEWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.