Mekdeplerde taýýarlyk işleri

24 Iýun 2021
1123

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2020 — 2021-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlandy. Ynha, täze okuw ýylyna hem taýýarlykly barmak esasy ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi esasynda bolsa mekdeplerde abatlaýyş we timarlaýyş işlerini ýerine ýetirmek işlerine hem girişildi. Bu işlerde Tejen etrap bilim bölümi hem özüniň düzümindäki bar bolan mekdepleriň 29-synda göwnejaý we talabalaýyk işleri alyp barýarlar. Mekdepleriň okuw otaglarynda abatlaýyş işleri ýokary derejede ýola goýuldy. Mekdep partasynyň we oturgyçlaryň abatlygy gözden geçirildi. Dersler boýunça görkezme esbaplaryň hiline we döwrebaplygyna aýratyn üns berildi. Tejribe işlerinde peýdalanylýan enjamlar hem ünsden düşürilmedi. Bu işlerde etrabyň 15-nji, 6-njy, 3-nji, 5-nji orta mekdepleri aýratyn tapawutlanýar.

Täze okuw ýylynda etrap boýunça orta mekdepleriň 1-nji synpyna çagalary kabul etmäge taýýarlyk görýärler. Olarda bolsa mugallymlaryň 1 müň 300-den gowragy zähmet çekýär.

Azat SAPARKULYÝEW,
Tejen etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni.