Sanly ulgam — ösüşleriň möhüm şerti

21 Iýun 2021
1101

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, dürli maksatly önümçilik desgalarydyr binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ykdysadyýetiň innowasion mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek maksady bilen, häzirki wagtda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynyň» çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ulaglar pudagynda ýerine ýetirilýän işler, gazanylýan oňyn netijeler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä ykdysady ulgamynda çylşyrymly geosyýasy şertleriň emele gelýändigine garamazdan, ýurdumyzda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar. Taryhda ýurdumyzyň çäginden Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany söwda hem medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli esasda ýola goýýar. Ulaglar ulgamynda uly öňegidişlikleriň gazanylmagy, howa, deňiz ýollary, demirýol we awtomobil ulaglary pudagynda döwrebap sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, içerki we halkara gatnawlarynda ýokary hilli, netijeli we howpsuz ýol-ulag düzüminiň emele gelmegini çaltlandyrýar.

Gülnar ÝAZMYRADOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.