Hünär binýady

16 Iýun 2021
1167

Gözel paýtagtymyzyň 140 ýaş toýy bilen goşalanyp gelen «Soňky jaň» dabarasy ýaşlaryň müňlerçesine özbaşdak durmuşa çagyryş bolup ýaňlandy. Indi mekdep uçurymlarynyň öňünde hünär saýlamak meselesi ör-boýuna galyp dur. Olaryň kimsi ykbalyny ene toprak bilen baglanyşdyrmak islese, kimleri Hydyr gören çöllerde mal bakmagyň höwesinde. Maksat-menzillerini orta hünär mekdeplerine gönükdirýänlerem, ýokary bilime teşnelerem az däl. Pederlerimiz aýtmyşlaýyn, hünäriň hordasy ýok. Ýöne gürrüň ony saýlap bilmekde. Orta mekdeplerde hünär taýýarlygynyň binýady goýlan ýaşlar kesp-kär saýlamakda kösenmeýärler. Hünär atly altyn hazynadan ýetdik paýlaryny almak üçin, ynamly gadam goýýarlar.

Okuwçynyň oňat okamagynda, özüni tertip-düzgünli alyp barmagynda, gözýetiminiň giň bolup, ukyp-başarnygynyň artmagynda, orta mekdebi tamamlansoň, belli bir hünär saýlamagynda mekdepde sapakdan daşary geçirilýän medeni çäreleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Milli baýramçylyklara bagyşlap diwar gazetini çykarmak, mekdep howlusyna we daş-töweregine bag nahallaryny oturtmak, aýdym-saz, haly, suratçylyk, keşdeçilik, çeper okaýyş... ýaly dürli gurnaklara gatnamak ýaşajyk we höwesjeň kalplara şatlyk paýlaýar. Şunuň ýaly bähbitli işler bir tarapdan, eziz Watana, päk zähmete, nepis gözellige bolan söýgini artdyrsa, ikinji bir tarapdan, okuwçynyň belli bir kär, hünär saýlamagyna hem oňaýly täsir edýär. Çaga kalbyny heýjana salýan, uly arakesmede her bir okuwçynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, olaryň hut özleriniň gatnaşmagynda ýazgy edilýän mekdep radioýaýlymynyň işi ýola goýlanda bolsa, geljekki medeniýet we sungat işgärlerini taýýarlamaga batly gadam goýulýar. Bu işde mekdebiň türkmen dili we edebiýaty, fizika, aýdym-saz mugallymlary, mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary okuwçylara ýardam edýärler. Aradan ençeme ýyllar geçip gitse-de, ýaşajyk ýüreklerde yz galdyran şeýle ýakymly pursatlar hiç mahal ýadyňdan çykmaýar.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».