Maksatly ädimler bilen

16 Iýun 2021
1063

Ýakynda harby sungatyň inçe syrlaryny ele alan TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyny tamamlan uçurymlar serkerdelik zähmet ýoluna gadam basdylar. Ruhubelent, harby hünärini jany-teni bilen söýýän, harby durmuşa öz ykballaryny baglan uçurymlara mukaddes Watanyň, il-ulsuň abadançylygynyň goragynda bolmakda belent sepgitlere ýetmek miýesser etsin! Watan goragynda sak durmak ýaly jogapkärli ýoly saýlap alan serkerdeler üçin şol günki pursat, olaryň ömür menzilinde ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup galar.

Mähriban uçurymlar, siziň her biriňize uly abraý, bagtyýarlyk hem-de üstünlik arzuw edýäris!

Döwletgeldi DOSYÝEW,
maýor.