Ykbalyny watan bilen baglanlar

16 Iýun 2021
1113

Ýakynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny goýberiliş dabarasy geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary ilkinji serkerdelik ýoluna gadam basdylar.

Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndaky: «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri islendik döwürde Watanymyzy gala bolup goramaga taýýarlygymyzyň kuwwatly binýady bolmalydyr. Watany goraýan gaýratly, merdana harby gullukçylar gadymy hem müdimi halkymyzyň gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamydyr» diýen paýhasly sözlerinden ruhlanyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary derejeli harby gullukçylary we hünärmenleri taýýarlamak babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan we kesgitlän wezipelerinden ugur alnyp, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, öz saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri ugrunda uly tagalla edilip, şu okuw ýylynda hem watansöýüji ýaşlaryň ençemesi uçurym boldy.

Nedirguly REJEPDURDYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça prorektory, podpolkownik.