Hazaryň kenaryndaky dabara

16 Iýun 2021
1154

Ata Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri hem rowaçlyklara beslenýär. Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasy ýörelgesine pugta eýerýän Harby-deňiz güýçlerimiz sanlyja ýyllaryň dowamynda belent sepgitlere ýetdi. Ýaragly Güýçlerimiziň Harby-deňiz güýçleri üçin ýokary we ýörite orta bilimli hünärmenleri, döwrebap serkerdeleri taýýarlamak maksady bilen hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar we desgalar toplumyny açyp ulanmaga berdi. Ine, bu günki gün bolsa şol ýokary okuw mekdebimiz özüniň nobatdaky uçurymlarynyň ugradyş dabarasyny geçirdi. Bu dabara gojaman Hazaryň merjen kenary bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň meýdançasynda uly şowhuna beslendi.

Dabarada, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň serkerdelerine, professor-mugallymlaryna, uçurymlaryna we talyplaryna ugradan Gutlagynyň okalmagy dabaraly çärä gatnaşanlaryň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Dabaranyň dowamynda ýaşyl Tugumyzyň öňünde baş egip, watançylyk kasamyny aýdyp, ilkinji serkerdelik ýoluna gadam basan deňizçi uçurymlar hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlaryny aýtdylar. Nobatdaky uçurymlary goýberiliş dabarasy edebi-sazly kompozisiýalara we aýdym-sazly çykyşlara beslenip, mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyşlar belentden ýaňlandy.

Serdar KELOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby gullukçysy, kapitan.